4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Parlament forumynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Morokko Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary Ghaýate Mohammadyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi hem-de döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.