Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň, Estoniýanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan, dürli görnüşli žakkard tüýjümek önümler, jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 278 million 156 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit koksuny (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi, dokma önümleriniň galyndylaryny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, garaköli goýnunyň ýüňüni, buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.