Şu taryhy ýylymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özünde uly many bar. Çünki ýurdumyz şu ýyl Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny halkara derejesinde toýlaýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Munuň şeýledigini ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Diňe bir Köneürgenç etrabynyň çäginde soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen medeni durmuş maksatly binalardyr, ýaşaýyş jaý toplumlaryny göreniňde ata-watanymyza bolan begenç buýsanjyň has-da artýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylyp ulanmaga berilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde toýlanýan ýylynda etrabymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary üçin toý sowgady boldy. Umumy 98 gektardan gowrak meýdany tutýan döwrebap şäherçe dürli desgalardyr, binalaryň onlarçasyny öz içine alýar. Ähli desgalardyr binalaryň gurluşyk işleriniň türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygyny aýratyn bellemek isleýärin. 400 hojalyga niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlaryň 36-sy, bir gatly ýaşaýyş jaýlaryň 360-sy ýokary hil derejesinde bina edilen. Bu ýaşaýyş jaýlarda ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Ýaşaýyş jaýlarda ýagty giň otaglaryň, çagalar otaglarynyň, aşhananyň bolmagy her bir raýatyň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.
Şäherçäniň çäginde Geňeşiniň edara binasy, saglyk öýi, ýangyn howpsyzlygy bölüminiň edara binasy, 550 belgä niýetlenen aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, 500 orunluk toý mekany, azyk we senagat harytlary dükany, söwda merkezi, hyzmatlar öýi, 200 orunluk medeniýet öýi, 160 orunluk çagalar bagy, 420 orunluk umumy bilim berýän mekdep ýaly binalar şäherçäniň gözelligine aýratyn gözellik goşmak bilen bu ýerde ýaşaýan ilatymyza uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat eder. Şeýle hem şäherçäniň çäginde önümçilik kärhanalaryň hem birnäçesiniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana, çörek we çörek önümlerini öndürýän kiçi kärhana, limon ýetişdirilýän ýyladyşhana, kömelek ýetişdirýän ýyladyşhana ýaly önümçilik kärhanalaryň bolmagy ilatymyzy iş bilen üpjün etmäge hem-de ilatymyzyň gündelikde uly isleg bildirýän harytlaryny öndürip, azyk bolçulygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berýär. Şäherçäniň çäginde ähli binalaryň daş-töwereklerinde gök zolaklaryň döredilmegi, döwrebap tekiz giň ýollar, gijelerini dürli yşyklaryň şöhle saçyp durmagy şäherçä aýratyn bir gözel gelşik berýär.
Bu günki gün Bitaraplyk şäherçesiniň bagtyýar maşgalalary uly şatlyk-şowhun bilen Bitaraplyk toýuny toýlaýarlar. Şäherçäniň ilaty döwrebap söwda merkezlerinde dürli görnüşli azyk harytlaryny satyn alýarlar, bir saçagyň başyna jem bolup, şeýle döwrebap şäherçäni gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Şu pursatda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Toýlarymyz toýlara – baýramlarymyz baýramlara beslensin!
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
PDF









