Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li­lik, pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri we däp­le­ri döw­le­ti­mi­ziň oňyn Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak­da­ky uly üs­tün­lik­ler, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de we umu­ma­dam­zat ösüş­le­ri­ne da­hyl­ly me­se­le­le­riň oňyn çöz­güt­le­ri­ni tap­mak­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar.
1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 46-njy ses­si­ýa­sy­nyň 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň bu Gu­ra­ma­nyň deň­hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­ýän­di­gi ha­kyn­da ka­rar ka­bul edil­di. Ag­za ýurt­la­ryň her bi­ri Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Düz­gün­na­ma­syn­da be­ýan edi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan şert­le­ri öz üs­tü­ne borç edip al­ýar. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 185 döw­le­tiň, şeý­le hem 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Re­zol­ýu­si­ýa iki ge­zek ka­bul edil­di. 2025-nji ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma üçünji ge­zek ka­bul edil­di.
Bu se­ne­ler Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň ta­ry­hyn­da hem mö­hüm sa­hy­pa öw­rül­di. Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len 12-nji de­kabr Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da be­ýan eden tek­lip­le­ri­niň, şol san­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, BMG ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak, ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek ge­rek.
«Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­ler bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bo­lan Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, ÝU­NES­KO-nyň, Ilat gaz­na­sy­nyň, Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ýur­du­myz­da­ky we­kil­ha­na­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mun­da baý­laş­dy­ryl­ýar.
Ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ýu­bi­leý to­ýu­nyň toýlanjak ýy­lyn­da dün­ýä­de hyz­mat­daş­ly­gy hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly mö­hüm we­zi­pe­ler kes­git­le­n­ýär. Ýur­du­myz hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň jo­gap­kär­li ag­za­sy hök­mün­de Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na da­ýa­nyp, «Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk», «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» di­ýen döw­let­li ýö­rel­ge­ler esa­syn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mekdäki gel­je­gi uly bo­lan uzak­möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de ne­ti­je­li gu­ra­la öw­rül­di. Ýur­du­myz BMG bi­len köp ug­ry öz içi­ne al­ýan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýurdumyzyň bir­nä­çe ge­zek BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na, şeý­le-de bu halkara guramanyň bir­nä­çe ab­raý­ly dü­züm­le­ri­niň ag­za­ly­gy­na saý­lan­ma­gy şeý­le hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň oňyn ne­ti­je­le­ri­dir. Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­dyr.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­me­gi bu ta­ry­hy wa­ka­nyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar.

Ymamguly Rejepow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Döwletmyrat Muhammedow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.