Ýer şarynda täsinlikler we üýtgeşik ýerler sanardan köp. Hatda dünýäde hiç bir adamyň aýak basmadyk ýerleri hem bar. Täsin ýerleriň köpüsi adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde ýerleşýän bolsa, käbiri has uzakda ýerleşýär. Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Nemo nokady gury ýerden iň uzakda ýerleşýän ýer hasaplanýar.
«Nemo» latyn sözi bolup, «hiç kim» diýmegi aňladýar. Bu ýeriň ady fransuz ýazyjysy Žýul Werniň «Deňziň düýbünde 20 müň lýe» romanyndaky kapitan Nemo atly gahrymanyň keşbinden gelip çykýar. Nemo nokady gury ýerde iň ýakyn goňşusy bolan Motu-Nuiden (Pashi adasy) 2 müň 688 kilometr, Konsepson şäherinden (Çili) 4 müň
222 kilometr, Maher adasyndan (Antarktika) 2 müň 688 kilometr,
Wellington şäherinden (Täze Zelandiýa) 4 müň 795 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu kiçijik ada ilkinji gezek 1992-nji ýylda horwat inženeri Hrwoýe Lukatela tarapyndan kartalaşdyryldy we programma arkaly hasaplanyldy.
Köpler bu adada ýaşaýyş barmyka diýip gyzyklanýarlar. Daş-töweregi Ýuwaş ummany bilen gurşalan bu adada janly-jandar duş gelmeýär. Bu ýerde janly-jandaryň duş gelmezliginiň birinji sebäbi gury ýerden has uzakdadygy, ikinjiden bu ýerde ýaşaýyş üçin ýaramly topragyň we süýji suwuň bolmazlygy diýlip düşündirilýär. Nemo nokadynyň töwereginde ummanyň çuňlugy 3 müň kilometre ýetýär. Şeýle hem suw örän batly akýar welin, tolkunlaryň zarbyndan ýaňa bu ýere gämiler baryp bilmeýär. 2005-nji ýylda okeanograflar Nemo nokadyndan ylymda näbelli bolan jandary – ak leňňeji tapmagy başardylar. Guşuň ýelegine meňzeş uzyn gysgyçlary bolan bu deňiz jandary suwuň 2 kilometr çuňlugynda ýaşaýar. Nemo nokadyna «kosmos gämileriniň mazary» hem diýilýär. Sebäbi kosmosa çykýan raketalaryň ulanylyş möhleti gutarandan soň adamlara we tebigata zyýansyz bolan ýere – Nemo nokadyna taşlanýar.
PDF









