14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary gelip gowuşdy. Bu barada 17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edilmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.