18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow her 10 ýylda bir gezek geçirilýän çäräniň ähmiýetini nygtady. Dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan bu çärä giň gerimli taýýarlygyň görülýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew öz çykyşynda 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndan 8-nji awgustyna aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Brifingde protokol-guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we taýýarlyk işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça teklipler berildi.
Soňra sorag-jogap alşyldy.
Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berilýär.