9-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliniň orunbasary Ennio Boati bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda durmuş syýasaty, gender deňligi we hukugyň hökmürowanlygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.

Türkmen tarapy Ennio Boata Türkmenistanda geçirilen möhüm çärelere, hususan-da, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara dialoga hem-de «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.