16-njy ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri Bä­şi­mo­wa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň se­bit mer­ke­zi­niň (UNRCCA) ýol­baş­çy­sy Ka­ha Im­nad­ze bi­len du­şuş­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da M.Bä­şi­mo­wa K.Im­nad­ze­ni jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de hyz­mat­daş­ly­gy we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, şeý­le hem ýurt­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi sak­la­mak me­se­le­sin­dä­ki mer­ke­ziň tu­tuş se­bit bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­läp geç­di.
Türk­me­nis­ta­nyň “Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy”, BMG-niň Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş gul­lu­gy ýa­ly köp­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­ti­ýa­nyň me­ha­nizm­le­ri bi­len iş­le­mek baş­lan­gyç­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek we öňe sür­mek­de BMG-niň Aş­ga­bat­da­ky se­bit mer­ke­zi­niň or­nu­ny art­dyr­ma­ga hem-de howp­suz­lyk, bi­lim we hö­kü­met iş­gär­le­ri­ni be­ýan edil­di.
Ta­rap­lar BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­si­niň çä­gin­de öňe sür­len Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Bu nuk­daý­na­zar­dan, äh­lu­mu­my gün ter­ti­bin­dä­ki mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­si­niň we dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.
Dip­lo­mat­lar ýa­kyn wagt­da me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny hem ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.