16-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
PDF









