Türk­men ede­bi di­lin­de tow­şa­nyň ça­ga­sy­na çeb­şek di­ýil­ýär.
Dün­ýä­de 14 mil­li­on­dan gow­rak tow­şa­nyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Awst­ra­li­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa ýa­ly ýurt­lar­da, Ibe­ri­ýa ýa­rym ada­syn­da hem-de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da tow­şan has köp duş gel­ýär.
Dün­ýä­de tow­şa­nyň 29 gör­nü­şi duş ge­lip, iň ulu­sy flangr (fla­man äpet tow­şa­ny) ha­sap­lan­ýar. Bu tow­şa­nyň ag­ra­my 6-7 ki­log­ra­ma, göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 1,2 met­re çen­li ýet­ýär.
Tow­şan öz kö­le­ge­sin­den hem gork­ýan jan­dar­la­ryň bi­ri­dir.
Uzyn gu­lak­ly bu jan­dar­lar 8-12 ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär­ler. Gin­ne­siň Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len iň gar­ry tow­şan Flop­sy bo­lup, 18 ýyl­dan gow­rak ýa­şap­dyr.
Tow­şan­la­ryň ak­ro­ba­tik he­re­ket­le­ri­ne «bin­ky» di­ýil­ýär. Bu jan­dar­lar uzak ara­ly­ga bök­mä­ge, yz­ky aýa­gy bi­len dep­mä­ge we ýo­ka­ry bö­küp öw­rüm et­mä­ge ukyp­ly­dyr.
Tow­şan çalt kö­pel­ýän jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Bir jü­büt tow­şan­dan 18 aýyň için­de 1300-den gow­rak tow­şan sü­rü­si dö­räp bil­ýär.
Tow­şan­lar 10 san­ti­met­re ýet­ýän gu­la­gy­ny 180 de­re­je öw­rüp, daş-tö­we­rek­dä­ki se­si eşi­dip bil­ýär­ler.
Ot-çö­pi çeý­nän­de tow­şa­nyň di­şi­ne ze­per ýet­ýär. Şol se­bäp­li bu jan­da­ryň diş­le­ri dö­kü­lip, tä­ze­le­nip dur­ýar.
Dün­ýä­de iň meş­hur tow­şan­la­ryň bi­ri «War­ner Bros» ame­ri­kan ki­nos­tu­di­ýa­sy­nyň gah­ry­ma­ny Bagz Ban­ni bo­lup, elin­dä­ki kä­şi­ri bi­len ta­nal­ýar.
As­lyn­da, tow­şan­lar kä­şi­ri o di­ýen ha­la­ma­ýar. Kä­şir we tow­şan, esa­san, mult­film­ler­de ün­si çek­mek üçin oý­la­nyp ta­py­lan tos­la­ma. Tow­şa­nyň iň go­wy gör­ýän iý­mi­ti gök ýap­rak­ly ter ot­lar we ke­lem bo­lup, al­ma iň söý­gü­li mi­we­si ha­sap­lan­ýar.
Gem­ri­ji­le­riň ha­ta­ry­na gir­me­ýän bu jan­da­ryň my­my­jak tü­ýi pa­s­la gö­rä, gy­şy­na ak, ýa­zy­na we tom­su­na go­ňur reň­ke öw­rül­ýär.