Bolgariýanyň Konstitusion kazyýeti Prezident Rumen Radewiň wezipesinden çekilmegini resmi taýdan kabul etdi, indi bolsa Prezidentiň wezipesini wise-prezident Iliýana Ýotowa ýerine ýetirer diýip, Bolgariýanyň “Novinite” neşiri habar berýär.
“Bolgariýanyň Konstitusion kazyýeti Prezident Rumen Radewiň wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan kabul edip, wise-prezident Iliýana Ýotowanyň Prezident wezipesine girişmegine ýol açdy. Kazyýetiň 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda kabul eden kararyna görä, Ýotowa Bolgariýanyň döwlet Baştutany wezipesindäki ilkinji zenan boldy” diýlip, habarda bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, kazyýetiň kararyndan soň Radewiň prezidentlik ygtyýarlyklary resmi taýdan Ýotowa geçirilýär. Onuň Milli mejlisde gaýtadan kasam kabul etmegine zerurlyk ýokdur, sebäbi ol eýýäm 2021-nji ýylda wise-prezident wezipesine girişende kasam kabul edipdi.
Radewiň wezipesinden çekilmeginden soň, Ýotowa ikinji möhletini wise-prezidentsiz dowam eder. Ýotowa öz jemgyýetçilik karýerasyna žurnalist hökmünde başlap, soňra Bolgar sosialistik partiýasyna goşuldy. Ol Bolgariýanyň parlamentiniň we Ýewropa Parlamentiniň deputaty boldy. Soňky dokuz ýylyň dowamynda ýurduň wise-prezidenti wezipesini eýeledi. Bu wezipä 2017-nji ýylyň ýanwarynda girişipdi. 2021-nji ýylda ol prezident Radew bilen bilelikde ikinji möhlete gaýtadan saýlandy.
Radew 19-njy ýanwarda özüniň wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi, onuň prezidentligi dokuz ýyl dowam etdi. Onuň ýakyn wagtda boljak möhletinden öňki parlament saýlawlarynyň öňýanynda özüniň täze syýasy taslamasyny yglan etmegine garaşylýar.
PDF









