Şu günler Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri çöl ösümlikleriniň tohumlaryny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Olar tarapyndan ýygnanan gara we ak sazaklaryň, çerkeziň, gandymyň, beýleki ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň tohumlary guradylandan we saklanandan soň, sebitiň çöllük ýerlerinde bu ekinleriň geljekki ekilişleri üçin ulanylar. Tohumlaryň bir bölegi Bötendag alaňynda taýýarlanylar.
Bu ýerde döredilen bufer tokaý zolagy welaýat tokaý hojalygynyň işgärleriniň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Onuň işgärleri bu ýerde çekilen suwaryş ulgamlarynyň düýbüni ýykgynlardan yzygiderli arassalamak, zerur bolan abatlaýyş işlerini, dürli möwsümleýin çäreleri geçirýärler. Sarygamyş kölüniň gündogar kenaryndaky uly tokaý massiwi tozanyň geçmegine böwet bolup, çölleşmegiň, topragyň şorlaşmagynyň we ýaramazlaşmagynyň öňüni alýar, ekologiýa durnuklylygyna we daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär.
Alymlaryň işläp düzen ýaşyl zolaklary döretmek boýunça maslahatlaryň esasynda, soňky ýyllarda bu ýerde müňlerçe gektar meýdanda şora çydamly we topragy berkleşdiriji ekinler ekildi. Belli bolşy ýaly, täze ýaşyl massiwiň ösümlik dünýäsi bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň işgärler topary hem işjeň gyzyklanýar, olar Bötendag alaňynda ýetişdirilen saýaly agaçlaryň howany sazlamaga we ekologiýany gowulandyrmaga oňaýly täsirini seljerýärler.
Çeşme: www.turkmenistan.gov.tm
PDF









