Taryhda ilkinji gezek berilýän BRICS-iň edebiýat baýragy müsürli ýazyjy we romançy Salwa Bakra dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy 57-nji Kair halkara kitap sergisiniň zallarynyň birinde geçirildi. Bu baýrak 2024-nji ýylda medeniýetleriň arasyndaky gepleşigi goldamak we edebiýat arkaly däp bolan gymmatlyklary öňe sürmek maksady bilen döredilipdi.
Salwa Bakr öz çykyşynda BRICS-iň siwilizasiýa we ynsanperwerlik babatdaky ornuny, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň dünýä medeniýetini kemala getirmekdäki ähmiýetini aýratyn belledi:
-Ýewropa kyn döwürleri başdan geçirýän wagty, Gadymy Müsür edebiýatyny ösdürýärdi. Rus medeniýeti we rus edebiýaty bolsa dünýä ýetirýän täsiri bababatda iň çuňňur edebiýatlaryň biridir. Biziň aňymyz Çehowyň, Dostoýewskiniň, Maksim Gorkiniň we beýleki görnükli ýazyjylaryň, şeýle hem Hindistanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň we beýleki ýurtlaryň edebi mirasy esasynda terbiýelendi.
Salwa Bakr ýedi romanyň, ýedi hekaýalar ýygyndysynyň we pýesanyň awtorydyr. Onuň eserleri birnäçe dile terjime edildi. Ýeňiji 1 million rubl (takmynan 600 müň müsür funty) möçberinde pul baýragyna eýe boldy.
Esasy baýrakdan başga-da, emin agzalary indoneziýaly ýazyjy Denni Jany «Edebiýat ugrundaky täzelikleri üçin» ýörite baýrak bilen sylagladylar. Ol hyýaly güýç, hakyky maglumatlar we resminamalar esasyndaky deliller arkaly poetik esse žanryny ösdürenligi hem-de ýaýradany üçin bu baýraga mynasyp görüldi.
Laureatlar halkara hünärmenler toparynyň ses bermegi netijesinde kesgitlendi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Braziliýada başlangyç sanaw (long-list) yglan edildi. Bir aý dowam eden ses bermeden soňra 10 sany finalçy yglan edildi. BRICS-iň edebiýat baýragynyň ilkinji eýesiniň ady geçen ýylyň 30-njy noýabrynda mälim edilipdi.