Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Berlinde pandemiýa we epidemiýa baradaky maglumat merkezini açyp, onuň täze bolup biljek pandemiýalaryň öňüni almak üçin has gowy taýýarlanmaga ýardam berjekdigini mälim etdi

BSGG-niň başlygy Tedros Adhanom Gebreyesus merkeziň açylyş dabarasynda – Wiruslar tiz hereket edýär, ýöne maglumatlar has tiz hereket edip biler – diýdi. Ol COVID-19 pandemiýasynyň dünýä birnäçe “agyryly sapak” berendigini belläp, – merkezde wiruslar baradaky maglumatlary seljermek maksady bilen has güýçli täze ulgamlar we gurallar ornaşdyrylar – diýip, Tedros Adhanom Gebreyesus sözüniň üstüne goşdy.

Merkez täze global pandemiýa ýüze çykan halatynda, maglumatlary netijeli ýygnamak we derňemek bilen meşgullanar. Oňa häzirki wagtda Nigeriýanyň kesellere gözegçilik merkeziniň baş direktory bolup işleýän doktor Çikwe Ihekweazu ýolbaşçylyk edýär.

Merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşan Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel merkeziň ýygnan maglumatlarynyň dünýäniň ähli ýurtlaryna elýeterli boljakdygyny belläp, biziň “COVID-19 pandemiýasy garşy tagallalarymyzy birikdiren halatymyzda nämeler başaryp bilýändigimizi görkezer – diýip, Merkel aýtdy.

BSGG-niň başlygy Germaniýanyň bu merkeze 100 million dollar maýa goýandygyny aýtdy. Bu merkez tarapyndan toplanan maglumatlaryň dünýäniň ähli ýurtlaryna elýeterli boljakdygy habar berilýär.