16-njy iýunda Buharest şäheriniň Dimitriе Gusti adyndaky milli oba muzeýinde “Miras arkaly sazlaşyk: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.
Dabara Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, akademiki we medeni jemgyýetçiliginiň agzalary, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Muzeýiň direktory P.Popoýu, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary D.Baçuna gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyşlarda iki ýurdyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenilip geçildi we rumyn jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň baý taryhy mirasy bilen tanyşmagyna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirildi.
Ilçi A.Annaýew öz çykyşynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusion Kanun bilen berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýurduň içeri we daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.
Sergi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň simwoliki beýany hökmünde 30 günläp dowam eder.