Hindistanly ýazyjy Banu Muştagyň “Heart Lamp” (Ýürek-çyra) atly kitaby Halkara Buker baýragyna eýe boldy. Baýragyň web saýtynyň maglumatlaryna görä, taryhda ilkinji gezek baýrak romana däl-de, hekaýalar toplumy üçin berildi. Kitapda 12 hekaýa ýerleşdirilip, musulman zenanlaryň we Hindistanyň günortasynda ýaşaýan azlyk wekilleriň, ýagny dalit zenanlaryň durmuşy barada gürrüň berilýär. Banu Muştak özüniň çetleşdirilen jemgyýetleriň we zenanlaryň durmuşyna gatnaşýandygyny gürrüň berdi. Ýazyjy zenanyň aýtmagyna görä, ol hekaýalarynyň köpüsi üçin pikirleri öňdebaryjy aýal-gyzlarynyň çagyryşlaryndan aldy. Muştak diňe bir aklawçy bolman, eýsem zenan hukuklaryny goraýjy görnükli aktiwistdir.
1990-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda ýazylan hekaýalar Hindistanyň resmi dilleriniň biri bolan kannada dilinde ýazylypdyr. Ýurduň gündogar we günbatarynda ýaýran bu dilde 65 million töweregi adam gürleýär. Ýygyndy ýürekdeşligi we ýiti gülki duýgusyny döredýänligi üçin ýokary baha berildi.
Banu Muştak 50 müň funt sterling möçberdäki baýragy (67 müň dollardan gowrak) kitabyny iňlis diline terjime eden Dipa Bhasti bilen deň paýlaşar. Ol Halkara Buker baýragyny alan ilkinji hindi terjimeçisi boldy.
Halkara Buker baýragy dünýäde 2004-nji ýylda döredilen iň abraýly edebiýat baýraklaryň biridir. Ol her ýyl dünýäniň dürli künjeginden eserleri iňlis diline terjime edilen we Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen kitaplaryň awtorlaryna berilýär.