Dün­ýä­niň iň ki­çi şä­he­ri Wa­ti­kan ha­sap­lan­ýar. 49 gek­tar meý­da­ny bo­lan bu şä­her­de 800 tö­we­re­gi adam ýa­şa­ýar.
Me­ha­nik go­şar sa­ga­dy­ny he­re­ke­te ge­tir­mek üçin 17-21 ara­ly­gyn­da çarh­ja­gaz he­re­ket ed­ýär.
Fut­bol­çy­la­r bir oý­nuň do­wa­myn­da or­ta­ça 11 ki­lo­metr yl­ga­ýar­lar.
Dün­ýä­niň iň ýokary tizlikli jem­gy­ýet­çi­lik ot­lu­sy Şan­haý­da he­re­ket ed­ýär. De­mir ýol ula­gy­nyň (Şan­haý mag­lew) sa­gat­da­ky tiz­li­gi 460 ki­lo­met­re ba­ra­bar.
Di­ňe tow­şan­lar we to­tu­lar kel­le­si­ni öwür­mez­den, ar­ka­sy­ny gö­rüp bil­ýär­ler.
Dün­ýä­niň iň giň ýo­ly bo­lan Bra­zi­li­ýa­da­ky «Mo­nu­men­tal Axis»-da 160 ulag ýan-ýa­na ýö­räp bil­ýär.
To­wuk­lar hem beý­le­ki guş­lar ýa­ly uçup bi­ler. Hä­zi­re çen­li ha­sa­ba al­nan to­wu­gyň iň uzak uçuş wag­ty 13 se­kun­da deň.
Del­fin­ler bir gö­zü­ni açyp uk­la­ýar­lar.
Gök reň­ki saý­ga­ryp bil­ýän ýe­ke-täk guş baý­guş­dyr.
Bö­küp bil­me­ýän ýe­ke-täk jan­dar pil­dir.
Äpet kal­mar dün­ýä­dä­ki iň uly göz­li jan­dar­dyr.
Bir ga­lam bi­len or­ta­ça 56 ki­lo­metr çy­zyk çy­zyp bol­ýar.

Hä­zir­ki wag­ta çen­li ha­sa­ba al­nan iň uly kä­di­niň ag­ra­my 1 ton­na 278 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lup, äpet bak­ja önü­mi ang­li­ýa­ly do­gan­lar Ian we Stýuart Pa­ton ta­ra­pyn­dan ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Dia­met­ri 6,4 met­re ba­ra­bar bo­lan äpet kä­di şu ýy­lyň okt­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.