Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigata jan girip, gyş ukusyna giden janly-jandarlar oýanýar we guşlar süri bolup yzyna uçup gelýärler. Türkmençilikde garlawaç bahar paslynyň buşlukçysy hasaplanýar. Serçeler toparyna degişli bolan garlawaçlar iň eý görülýän guşlaryň biridir. Petekesi akja, käbiriniň kellesi gyzgylt kiçijik garaja guşlaryň dünýäde 75, ýurdumyzda 6 görnüşi duş gelýär. Olar oba garlawajy, daş garlawajy, dag garlawajy, sapak guýrukly garlawaç, gaýa garlawajy we kenar garlawajy bolup, her garlawaç öz ýaşaýan şertine görä höwürtge gurýar.
Tutuş dünýä ýaýran bu guşlar Antarktidada hem duş gelýär. Gaýçy şekilli guýrugy bolan bu guşlar ýurdumyza höwürtgelemäge gelýärler. Iň ökde öý gurujylar hasaplanýan garlawaçlar adatça geçen ýylky guran höwürtgesinde ýumurtgalaýarlar. Eger höwürtgesine zeper ýeten bolsa gaýtadan dikeldýärler. Garlawaçlar adamlaryň ýaşaýan ýerinde, eýwanda, bassyrmanyň aşagynda toýun palçykdyr ownujak ot-çöpden sünnäläp höwürtge gurýarlar. Ýokarsy giň we açyk, aşagy çürelip gidýän höwürtgesiniň içine ýumşak ot we ýelek düşeýärler. Garlawaçlar köplenç 4-6 sany goňrumtyl-gyzyl menekli ak ýumurtga goýýarlar. 15 günläp ýumurtgany basyrandan soňra, bir aýdan gowrak jüýjelerini idedýärler.
Ululygy serçe ýaly, agzy uly, kelte çüňkli we çowly ganatly bu guşlar uçup ýören mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Uzynlygy 18-20 santimetre, agramy 17 grama ýetýän bu guşlar çalt uçýandygy bilen tapawutlanýarlar. Garlawaç köp halkda erkinligiň we döwletliligiň nyşany hasaplanýar.