Sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy hasaplanýar. Dünýäde müňlerçe sport görnüşi bolup, adamlaryň aglaba bölegi haýsydyr bir sport görnüşi bilen meşgullanýar. Sport görnüşleriniň arasynda toply oýunlar has öňdeligi eýeleýär. Kimler futbol oýnamagy halaýan bolsa, kimler woleýbol oýnuna gyzykýar. Tennisdir basketbol oýnunyň muşdaklary hem sanardan köp.
Her ýylyň 21-nji dekabrynda Bütindünýä basketbol güni bellenilip geçilýär. Bu sene Halkara basketbol federasiýasy (FIBA) tarapyndan döredildi we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanyldy. Bütindünýä basketbol gününiň bellenilip geçilmeginiň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmekden, toparlaýyn oýunlary ösdürmekden we basketbolyň peýdasyny nygtamakdan ybarat. Ähli ýaşdaky adamlaryň gyzyklanýan we höwes bilen tomaşa edýän oýny bolan basketbol kanadaly bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmit (1861-1939ý.) tarapyndan oýlanyp tapylýar. Şol döwürler howanyň aşa sowukdygy sebäpli içerde (ýapyk bina) oýnalýan pökgi oýnuna zerurlyk duýulýar. Netijede, Neýsmit 13 düzgünden ybarat, futbol topy bilen sebede oklanyp oýnalýan täze sport görnüşini döredýär. Ilkinji basketbol oýny 1891-nji ýylyň 21-nji dekabrynda geçirilýär we şol gün basketbolyň döredilen güni hasap edilýär. Ilkibaşda basketbol oýnuny oýnamak örän kyn we çylşyrymly bolupdyr. Sebäbi sebede oklanan top aşak gaçmandyr. Her gezek utuk gazanylanda emin merdiwandan ýokary galyp, sebediň içinden topy alandan soň, oýun ýene-de dowam edipdir.
Basketbol oýnunyň wagty dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, NBA oýunlarynda 48 minut (12 minutdan 4 çärýek) oýnalýan bolsa, kollej (NCAA) oýunlary
40 minut (20 minutdan 2 tapgyr) dowam edýär. Halkara basketbol ýaryşlarynda (FIBA) oýun 40 minut (10 minutdan 4 çärýek) dowam edýän bolsa, orta basketbol mekdeplerinde ýaryşlar 32 minut (8 minutdan 4 çärýek) ýa-da 36 (9 minutdan 4 çärýek) minutdan tamamlanýar. Adatça, basketbol oýunlarynyň umumy wagty 2-2,5 sagada çekýär. Oýunlarda her arakesmäniň dowamlylygy 15 minut bolup, oýna goşmaça 5 minut wagt goşulýar. Dünýäde iň öňdebaryjy basketbol ligasy NBA bolup, 30 topary (29 ABŞ, 1 Kanada) öz içine alýar. Mundan başga-da, Big3, ABA, ECBL, FBA, MBL, SBL, NABL meşhur basketbol ligalary hasaplanylýar. Basketbol meýdançasynyň ini 15 metre, uzynlygy 28 metre barabar bolup, basketbol topunyň agramy 620 grama (7-lik ölçeg) deň. Basketbolda oýunçynyň haýsy çyzykdan (halka) pökgi geçirendigine görä utuk berilýär.
Häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysy (3,3 milliard) basketbola gyzyklanýar. Bütindünýä basketbol güni 2023-nji ýyldan bäri bellenilýär. «Los Anjeles Leýkers», «Boston Seltiks», «Çikago Bulls», «Oklahoma Siti Tander», «Panatinaikos», «Real Madrid» we «Monako» toparlary iň öňdebaryjy basketbol klublarydyr. Karim Abdul-Jabbar, Maýkl Jordan, Kobi Braýant, LeBron Jeýms, Dirk Nowiski we Toni Parker dagy iň ökde basketbolçylar hasaplanylýar.
PDF









