22-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumy binasynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çärede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çagalar üçin hemmetaraplaýyn goldawy öz içine alýan geljegi döretmegiň ähmiýeti barada pikir alyşmak we Bütindünýä çagalar gününi dabaralandyrmak maksady bilen ýörite çäräniň guralandygyny belledi. Ol her ýylyň noýabrynda Bütindünýä çagalar gününiň bellenilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çagalaryň hukugy baradaky Jarnamany, Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etmeginiň Milletler Bileleşigi tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesiller barada uly alada edilýändigini alamatlandyrýandygyna ünsi çekdi. O.Atabaýewa çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşine goldaw bermegiň ýurdumyzyň nurana geljegine mynasyp goşantdygyny aýdyp, ýaş nesillere goldaw bermegiň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy ugruna öwrülendigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň goldawlarynyň ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmäge oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda O.Atabaýewa bu çäräniň ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen tagallalara uly ähmiýet berilýändiginiň beýanydygyny, ynsanperwer tagallalaryň dowam etdirilmeginiň çagalaryň abadançylygynyň bähbidine ygtybarly binýady emele getirýändigini belledi.
Soňra çäre BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol çykyşynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna, hususan-da, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. D.Şlapaçenko Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi, olaryň hukuklarynyň doly derejede goralmagy bilen bagly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nygtady. Bu bolsa ýaş nesilleriň nurana geljeginiň üpjün edilmeginiň ygtybarly binýady bolup durýar.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnanyň çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramak boýunça halkara derejede kabul edilen birnäçe resminama goşulandygyna üns çekildi.


Çykyşlarda ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli çagalaryň döwlet tarapyndan üns-alada bilen gurşalandygy, bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Soňra Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen çärä gatnaşyjylar bu ýerde mümkinçiligi çäkli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de tennis boýunça guralan ýaryşa tomaşa etdiler.
Häzirki döwürde Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda çagalaryň arasynda tennis sporty uly meşhurlyga eýe bolýar. Mümkinçiligi çäkli we näsag çagalaryň sportuň ugurdaş görnüşleri bilen saglygynyň dikeldilmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijelerini berýär. Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen çäräniň dowamynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň tennis boýunça bäsleşikleriniň guralmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çagalaryň ýeňşe bolan ynamy we yhlasy bäsleşiklere tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy.
Soňra bu ýerde bäsleşikleriň jemi jemlenip, oňa gatnaşan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýörite taýýarlanylan sowgatlaryň gowşurylmagy çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar tennis boýunça ýaryşa gatnaşan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdüler. Çagalar döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.