Dubaýda 3-5-nji fewral aralygynda geçiriljek duşuşykda emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşi, howanyň üýtgemegi we ykdysady näbellilikler ara alnyp maslahatlaşylar. 2026-njy ýyldaky sammite 35 sany döwlet we hökümet Baştutanynyň, 150-den gowrak hökümet wekiliýetiniň we 6 müňden gowrak gatnaşyjynyň gelmegine garaşylýar. Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS) guramaçylary 2026-njy ýylyň çäräniň taryhynda iň uly maksatnamaly ýyl boljakdygyny mälim etdiler. Duşuşygyň şygary — “Gelejegiň hökümetlerini kemala getirmek”.
Sammitiň çäklerinde emeli aň, bilim, mobillik (hereketlilik), durnuklylyk we ykdysady durnuklylyk boýunça birnäçe ýokary derejeli forumlar geçiriler. Şeýle hem, bu çärede ilkinji gezek global laureatlaryň sammiti geçiriler, onda Nobel baýragynyň eýeleri we öňdebaryjy alymlar esasy syýasy maslahatlara gatnaşmak üçin bir ýere jemlener.
Guramaçylaryň sözlerine görä, sammitiň esasy maksady diňe bir gürrüňler bilen çäklenmän, eýsem global ulgamlaryň dartgynly ýagdaýda duran pursatynda syýasy işgärleriň we biznes-liderleriň bir ýere jemlenip biljek platformasyny döretmekdir.
-Birleşen Arap Emirliklerinde badalga berlen we global ýagdaýlary öz içine alýan Bütindünýä hökümet sammiti, amaly çözgütleriň, täze pikirleriň we netijeli hyzmatdaşlyklaryň kemala gelýän global platformasyna öwrülmek baradaky ýolbaşçylaryň garaýyşlaryna esaslandy – diýip BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri baradaky ministri we WGS-niň başlygy Muhammet Al Gergawi belledi.
Bütindünýä hökümet sammiti 2013-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýär.