BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça agentliginiň baş direktory tarapyndan Meksikanyň Gwadalahara şäherini 2022-nji ýyl üçin Bütindünýä kitap paýtagty hökmünde yglan etdi. 2001-nji ýyldan bäri şeýle derejä eýe bolan şäherleriň sany 22-ä deň boldy. Bütindünýä kitap paýtagty saýlanan Gwadalaharanyň teklip eden maksatnamasy birnäçe ugry öz içine alýar, Olar seýilgählerde we başga ýerlerde kitap okamagy artdyrmak, durmuş baglanyşygyny we jebisligi artdyrmak, esasan hem, kitap okamak boýunça dürli seminarlary guramak, hekaýa ýazmak arkaly şahsyýeti güýçlendirmek ýaly ugurlardyr.
ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä kitap paýtagty diýlip ykrar edilen şäherler kitaplaryň gymmatyny ýokarlandyrmagy, ýylyň dowamynda dürli medeni çäreleri guramagy maksat edinýär. Mysal üçin, Gwadalaharanyň kitaphanalary, okalga zallary, kitap dükanlary, garaşsyz neşirýat öýleri we dünýä belli halkara kitap ýarmarkasy halk arasynda medeniýeti wagyz etmek we jemgyýetçilik ösüşine kitabyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak üçin ulanylar.
Bütindünýä kitap paýtagty gününiň baýramçylyk çäreleri 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde başlaýar. Mundan ozal, Tbilisi (2021) we Kuala-Lumpur (2020) Bütindünýä kitap paýtagty derejesine eýe boldy.
Atamyrat AMANOW,
talyp.