3-6-njy mart aralygynda Bütindünýä GSM Bileleşiginiň (GSMA) guramagynda Bütindünýä Mobil maslahaty (Mobile World Congress-MWC) geçirildi. Ispaniýanyň Barselona şäherinde her ýylda geçirilýän sergä we maslahata dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary gatnaşýar. Halkara serginiň bu ýylky şygary «Ýakynlaş. Birik. Döret!» diýlip kesgitlenipdir. Sergä dünýäniň ähli ýurdundan diýen ýaly firmalar gatnaşýar. Halkara maslahata her ýyl 100 müňden gowrak myhman baryp görýär. Gözden geçirilişe enjam öndürijiler, mobil operatorlar, tehnologiýa bilen üpjün edijiler we bu ugurda iş alyp barýan bilermenler gatnaşýar. Sergide eplenýän çeýe enjamlar, 5G tehnologiýalary, mobil torlar, emeli aň tehnologiýaly dakynylýan enjamlar görkezilýär.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.