Bütindünýä ummanlar güni

2

1992-nji ýylyň 8-nji iýunynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatynda (UNCED) ilkinji gezek Bütindünýä ummanlar güni bellenilýär. Bu maslahata “Ýer sammiti” hem diýilýär.
Bu senäni bellemek baradaky teklip Kanadanyň Umman ösüşi üçin halkara merkezi (ICOD) hem-de Kanadanyň Umman instituty tarapyndan teklip edilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2008-nji ýylda ykrar edilýär. Şondan bäri hem ýylyň 8-nji iýunynda Ummanlar güni bellenilýär. Daşky gurşawy goraýjy alymlar, ihtiologlar we köp sanly akwariumlaryň, haýwanat baglarynyň we delfinariumlaryň işgärleri bu gün ummanyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini aýap saklamak üçin tagallalaryny utgaşdyrýarlar.