Golaýda Şweýsariýadaky Alp daglarynda çukura gaçan adamy çihuahua tohumyna degişli iti halas edipdir. Bu barada “Air Zermatt” atly halas ediş kompaniýasy habar berdi. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, waka 4-nji iýun güni Zas-Fe obasynyň golaýyndaky Fe buzlugynda bolup geçipdir. Aýdylyşyna görä, bir adam iti bilen buzlugyň üstünde gezelenç edýän eken. Birdenem ol buzuň 8 metrlik aýrygyna gaçypdyr. Kiçijik iti bolsa, buzuň üstünde galypdyr. Çukura gaçan adam ýanyndaky radiotelefon arkaly kömek sorapdyr. Halas edijiler bolsa ony tapmak üçin köp ýeri gözlemeli bolupdyr. Sebäbi, buzluk örän giň bolup, adamyň gaçan çukuryny tapmak aňsat bolmandyr. Gözleg işleri geçirilýän wagty halas ediş topary buzuň ýüzünde kiçijik zadyň hereket edýändigini görüpdir. Görünýän zat bolsa ol adamyň kiçijik itjagazy eken. “Air Zermatt” kompaniýasy itiň hereketleri sebäpli onuň ýeriniň anyklanandygyny we şol ýere baryp, ýüp bilen aşak düşüp, adamy halas edendiklerini belleýär.