Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminiň soňky aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerlerinde dynç alyşda bolýarlar. Bu ýerde her bir adam, dynç alyşy ähli taraplaýyn, ýagny saglygy dikeltmek bilen utgaşdyryp bilýär, şeýle-de deňizde hem-de gury ýerde islegine görä wagtyny ýakymly geçirip bilýär. Ýahtalar, gaýyklar, katerler, suw paraşutlary – bu dynç alýanlar üçin hödürlenýän hyzmatlaryň diňe bir bölegi.

Sport toplumlary, tennis meýdançalary, howuzlary, attraksionlar, ajaýyp restoranlar aýratyn bir özboluşlylygy, gözelligi döredýär. Däp bolan myhmansöýüjilik hem-de hyzmatyň ýokary derejesi, ajaýyp howa şertleri, amatly ekologik şertler, arassa deňiz suwy Awazanyň özboluşlylygyny aýratyn belläp geçýär. Arassa deňiz howasynda döwletliler köşgüniň çagalary wagtlaryny hoş we peýdaly geçirýärler. Çagalar sport bilen surat çekmek, küşt, şaşka oýunlary bilen meşgullanýarlar, tans we folklor çykyşlaryny ýerine ýetirip wagtlaryny diýseň gyzykly geçirýärler.

Bu barada www.education.gov.tm web saýtynda habar berilýär.