Çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek – her bir jemgyýetiň iň bir mukaddes borjy. Bu maksat ýolunda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Çaga diňe bir maşgalanyň däl, jemgyýetiň, döwletiň we tutuş adamzadyň geljegidir. Şonuň üçin olaryň ösüşi, saglygy, terbiýesi hem-de goraglylygy ähli gatnaşyjylaryň – ene-atalaryň, mugallymlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet edaralarynyň bilelikdäki tagallasyna daýanýar.
Hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda, jogapkärçilik talap edýär. Ene-atalar bilen bilim işgärleriniň arasyndaky açyk aragatnaşyk, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň goldawy we döwlet syýasatynyň çagalara gönükdirilen çäreleri ösdürmegi arkaly çaganyň her bir ugurdan sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde her bir çaga öz ukybyny açmaga, synaglardan geçmäge we geljegine ynam bilen gadam basmaga mümkinçilik alýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek çäreler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bütindünýä Çagalar gününe bagyşlanyp «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: Inkluziw geljek üçin hemmetaraplaýyn goldaw» atly çäreler toplumynyň maksady çagalar üçin hemmetaraplaýyn goldawyň göz öňünde tutulýandygyny görkezýär.
Aýnur HOJAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF








