Çagalaryň hukuklaryny goramak we olara ählitaraplaýyn mynasyp durmuşy üpjün etmek, şeýle hem maşgalany goldamak ugrunda döredilýän amatly şertler we giň gerimli işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň dabaralanýan döwründe döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan çagalar hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdiriler».
Çaganyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine taryhy, milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary, jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri hem kadalary, jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegini göz öňünde tutýandygy hakyndaky kadalar öz beýanyny tapýar.
«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi kepillendirilýär. Her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri durmuşa geçirilende onuň iň gowy bähbitleri üpjün edilmelidir.
Çaganyň hukuklarynyň goraglylygyny halkara derejesinde üpjün edýän, 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa – munuň özi hökmany standartlaryň we borçnamalaryň halkara derejede ylalaşylan toplumydyr, onda hemmelere deň derejede degişli bolan çagalaryň esasy hukuklary beýan edilýär. Bu halkara resminama diňe bir ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar däl-de, raýat we syýasy hukuklar has doly beýan edilen ilkinji resminama bolup durýar. Biziň ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we onuň iki fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli hem-de utgaşykly işleri alyp barýar, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, döwletimiz özüniň çagalar we çaga hukuklary babatda alyp barýan syýasatyny we mümkinçiliklerini doly derejede dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen bilelikde netijeli arkalaşyk etmek ýoly bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.
Şirin GURDOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.