19-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli meseleleri içgin öwrenmegiň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mal serişdelerini mundan beýläk-de özleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.