12-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18—35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryna aralaşmagyny üpjün etmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak we has-da ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen birlikde, döredijilik bäsleşigi halypaçylyk däplerini berkitmäge, döwürleriň arabaglanyşygyny saklamaga, ýurdumyzda uly üns berilýän saz sungatyny wagyz etmek işine goşant goşmaga gönükdirilendir. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr.
Häzirki döwürde ýaşlar özleriniň halypalary bilen dürli bäsleşiklere, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere, guralýan baýramçylyk çykyşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşylarynyň ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki zaman halk bagşylary we sazandalary milli sungatyň däplerini saklaýarlar we ösdürýärler. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar bu asylly ýörelgeleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aýdyň görkezdiler. Sazandalaryň çykyşlary bilen başlanan döredijilik bäsleşiginde ýurdumyzyň her bir welaýatyna mahsus özboluşly ýerine ýetirijilik häsiýetleri, gaýtalanmajak aýratynlyklar şöhlelendi. Ähli gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Çalsana, çalsana, çalsana, bagşy!” sazy milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginlidigini görkezdi.
Zehinleriň häzirki gözden geçirilişiniň esasy maksady bolan halkymyzyň saz medeniýetini hem-de onuň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny şöhratlandyrmaga gönükdirilen çykyşlar konsert maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.
Jemleýji bäsleşigiň ahyrynda dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi.
Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şaguly Hojamgulyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti Serdar Bäşimow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Nyýazow, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Idirisow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Hangeldiýew, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Atabaýew, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Urpekow, Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Annakulyýew, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy Akmurat Hoşyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Tuhyýewa, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Hudaýberenow dagy diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.