Daniýanyň Kitap geňeşiniň dekabr aýynda çap edilen täze ýyllyk hasabaty daniýalylaryň soňky 10 ýyl bilen deňeşdirilende, has köp kitap okaýandyklaryny we satyn alýandyklaryny görkezýär. Geçen ýyl jemi 32 million çap edilen kitap, audiokitap we elektron neşir okyjylara ýetirildi, satuwlar bolsa öňki döwür bilen deňeşdirilende, 8,5 göterim ýokarlandy.
Kagyz kitaplara bolan gyzyklanmanyň artmagy, bölekleýin, ekranlardan ýadalmagy we has aňly-düşünjeli okamaga bolan ymtylyş bilen düşündirilýär. Medeniýet ministri Ýakob Engel Şmidt bu ýagdaýy hoşallyk bilen garşylap, adamlaryň ünsüni çekmek ugrundaky güýçli bäsleşigiň şertlerinde kitabyň öz gymmatyny saklaýandygyny nygtady. Mundan başga-da, täze formatdaky çäreleri guraýan we okyjylary, aýratyn-da, çagaly maşgalalary hem-de 30-50 ýaş aralygyndaky adamlary özüne çekýän kitaphanalaryň işjeň hyzmaty hem möhüm şertleriň birine öwrüldi.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler çap edilen kitaplaryň üstünligini diňe bir sanly tehnologiýalardan ýüz öwürmek bilen düşündirmeli däldigini belleýärler. Bu ýerde marketing, mahabatlandyrmagyň täze usullary we kitaphanalaryň ösdürilmegi hem uly orun eýeleýär.
Umumy ösüşiň fonunda ylmy-köpçülikleýin we hünär edebiýaty aýratyn kynçylyklary başdan geçirýär. Bu ugurdaky neşirýatlaryň sany azalýar, sebäbi beýle kitaplar audioformata kän bir laýyk gelmeýär we ýokary konsentrasiýany, ýagny ünsi jemlemegi talap edýär. Täze ylmy-ugurly non-fikşn edebiýatlary çap edýän neşirýatlaryň sany bir ýylyň içinde 609-dan 463-e çenli azaldy.
– Kitaplarymyz striming hyzmatlary arkaly satylanda, edebiýatyň belli bir görnüşleri, meselem, “feel-good” (ýakymly duýgy berýän) kitaplar we detektiwler has oňat netije görkezýär. Bu edebiýatlar seriýa görnüşinde bolansoň, adamlar bir kitaby okap gutaryp, dowamyny diňläp bilýärler – diýip edebi maslahatlar boýunça hünärmenler toparynyň agzasy, ýazyjy Iben Mondrup aýdýar.
Şunlukda, awtorlar çuňňur we manyly okamak medeniýetini saklap galmak üçin ähli žanrlaryň elýeterliligini gorap saklamagyň möhümdigini nygtaýarlar.