Kino sungatynyň meşhur baýraklarynyň biri bolan BAFTA-nyň ýeňijileri mälim edildi. Britan kino akademiýasynyň sylaglary bolan BAFTA baýraklary 74-nji gezek gowşuryldy. Tomaşaçysyz geçirilen dabarada iň gowy film baýragyna “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland) filmi laýyk görüldi. 4 baýrak gazanan film dabaranyň ýeňiş gazanan kinosy boldy. Filmi surata düşüren režissýor zenan Hloe Çžao iň gowy režissýor, baş keşpde surata düşen Fransis MakDormand iň gowy aktrisa şeýle-de filmiň operatory Joşua Jeýms Riçards iň gowy operator diýlip saýlandy.
Iň gowy aktýor baýragyna “Peder” (The Father) filmindäki keşbi üçin Entoni Hopkins laýyk görüldi. Bu onuň 4-nji BAFTA baýragydyr. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna-da degişlilikde Daniel Kaluuýa (Judas and the Black Messiah) bilen Ýu-Žun Ýun (Minari) mynasyp boldy.
Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film baýragy “Ýene bir tapgyr” (Druk) atly Daniýa-Şwesiýa şärikdeşliginiň önümine berildi. Iň gowy iňlis kinosy diýlip, “Umyt bildirilýän ýaş zenan” (Promising Young Woman) filmi saýlandy. Filmiň ssenariçisi, şol bir wagtyň özünde režissýory hem bolan Emerald Fennell iň gowy asyl ssenariý baýragy bilen sylaglandy. Iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragy-da “Peder” filminiň ssenariçilerine berildi.
“Ruh” (Ruh) multfilminiň iň gowy animasiýa diýlip saýlanan dabarasynda “Meniň sekizaýak mugallymym” (My Octopus Teacher) iň gowy dokumental kino baýragy bilen sylaglandy.
BAFTA baýraklarynda ýeňiş gazanan filmiň Oskarda-da aglaba öňe saýlanýandygyny göz öňünde tutsak, onda “Çarwadarlaryň mekany” kinosynyň kem-kemden Oskara barýandygyny aýdyp bileris.
74-nji BAFTA baýraklarynyň ýeňijileri:
Iň gowy film: “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland)
Iň gowy režissýor: Hloe Çžao – “Çarwadarlaryň mekany”
Iň gowy aktrisa: Fransis MakDormand – “Çarwadarlaryň mekany
Iň gowy aktýor: Entoni Hopkins – “Peder” (The Father)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Daniel Kaluuýa – “Ýuda we gara messiýa”( Judas and the Black Messiah)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Ýu-Žun Ýun – “Minari”
Iň gowy asyl ssenariý: Emerald Fennell – “Umyt bildirilýän ýaş zenan”
Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Kristofer Hampton, Florian Zeller – “Peder”
Iň gowy animasiýa – “Ruh” (Soul)
Iň gowy dokumental film: “Meniň sekizaýak mugallymym” (My Octopus Teacher)
Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film: “Ýene bir tapgyr” (Druk)
Iň gowy operator: “Çarwadarlaryň mekany”
Iň gowy montaž: “Metalyň ýaňy” (Sound of Metal)
Iň gowy grim: “Ma Reýni: blýuzyň ägirdi” (Ma Rainey’s Black Bottom)
Iň gowy makiýaž we saç bezegi: “Ma Reýni: blýuzyň ägirdi”
Iň gowy çeperçilik bezegi: “Mank” (Mank)
Iň gowy saz: “Ruh” (Soul)
Iň gowy wizual effektler: “Tenet”
Iň gowy ses: “Metalyň ýaňy”