Çaý dünýäde iň köp içilýän ýörgünli içimlikleriň biri bolup, taryhyň müňýyllyklaryndan gözbaş alýar. Hytaýly täjirleriň çaýy dünýäniň dürli künjegine ýaýratmagy bilen bu içimligiň meşhurlygy artyp başlaýar. Adamlar çaýyň tagamyny alansoňlar bu içimligi gündelik durmuşyna ornaşdyrýarlar. Hatda çaý içmek käbir halkyň milli däbine hem öwrülýär. Gazetimiziň şu sanynda çaý ösdürip ýetişdirýän ýurtlar hem-de çaý içmek medeniýeti bilen bagly gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Hytaý. Çaý öndürmekde dünýäniň iň amatly howa şertli ülkesi bolan Hytaýda oolong, jasmin we gunpowder ýaly meşhur çaýlaryň ýüzlerçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Taryhy maglumatlara görä, IX asyrda Beýik Ýüpek ýoly arkaly hytaý çaýlary dünýäniň dürli künjegine ýaýrap başlaýar. Ilkibaşda dermanlyk maksadynda peýdalanylan bu ösümlik, soňra meşhur içimlikleriň birine öwrülýär. Hytaýda çaý içmek durmuşyň bir ýörelgesi hökmünde görülýär. Bu ýerde «Ça Dao» (çaý taýýarlamak) milli sungaty ösen derejede bolup, hytaý medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurtda çaý taýýarlamak (Gongfu cha) dabaralary hem geçirilýär.
Ýaponiýa. «Günüň dogýan ýurdy» meşhur matça çaýy bilen tanalýar. XII asyrdan gözbaş alýan bu içimlik häzirki wagtda-da ilkibaşdaky görnüşinde taýýarlanylýar. Külke edilip owradylan bu çaý açyk ýaşyl reňki bilen beýleki çaýlardan tapawutlanýar. Matça Ýaponiýada geçirilýän Çado (Çaý ýoly) dabarasynda hödürlenýän iň lezzetli içimlikleriň biridir.
Hindistan. Dünýäde çaýy iň köp öndürýän we eksport edýän Hindistanda bu içimligiň taýýarlanylyşyna uly üns berilýär. Hindistanyň milli içimligi «çaý» diýip atlandyrylyp, ol süýt, hoz ýapragy, darçyn, burç, kardom we ýorunja ýapraklary garylyp taýýarlanylýar. Hindiler myhmana ilki bilen asyrlarboýy meşhur bolan bu içimligini hödür edýärler. «Bollywood»-yň ýurdunda çaý ösdürip ýetişdirýänler we çaýpuruşlar (çaý satyjy) jemgyýetiň esasy bölegi bolup, şäher merkezlerinde hem-de köçelerde aýratyn çaý dükanlary bar.
Tailand. Bu ýurt «Taý buzly» çaýy, ýagny «cha-yen» bilen meşhurdyr. Ýurduň restoranlarynda uly isleg bildirilip sargyt edilýän bu içimlik buzuň üstüne ajy gara çaýyň guýulmagy esasynda taýýarlanylýar. Şeýle hem bu içimligiň has-da tagamly bolmagy üçin darçyn, mämişi gül hem-de ýyldyz anisi goşulýar. «Taý buzly» çaýy yssy howada has-da lezzetli bolýar.
Marokko. Demirgazyk Afrika ýurduna islendik wagt barsaňyz, hoşboý ysly tuareg çaýy bilen garşy alar. Bu içimlik Marokkonyň medeniýetine doly ornaşyp, myhmansöýerlik bilen berk baglanyşyklydyr. Adatça tuareg 30 santimetr ýokarlykdan 3 pyýala guýlup, myhmana hödür edilýär. Her pyýalanyň hem biri-birinden tapawutly özboluşly tagamy bolup, bu däp Marokkonyň milli medeniýetinde: birinji durmuş ýaly süýji, ikinji söýgi ýaly güýçli, üçünji aýralyk ýaly ajy manysynda düşündirilýär.
Şri-Lanka. Önümçilikde iň meşhur çaýlaryň biri bolan «seýlon» çaýy, Seýlon adasynyň adyndan gelip çykýar. XVII asyrda Şri-Lanka Hindistandan çaýyň käbir görnüşi getirilip, çaý ýetişdirilip başlanýar. Häzirki wagtda Şri-Lanka çaý eksport etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Seýlon çaýyny kokos we palma şekeri bilen bilelikde içseň has-da tagamly bolýar.
Taýwan. Meşhur «bubble» çaýynyň Watany Taýwan hasaplanýar. 1980-nji ýyllarda oýlanyp tapylan köpürjikli çaýy taýýarlamak üçin çaý, süýt, miwe we tapioka düwmejikleri goşulýar. Bu çaý adatça uzyn aýna gaba salnyp, turbajykly çöpjagaz bilen bile hödürlenýär.
Türkiýe. Çaý önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Türkiýede, esasan, gara çaý içilýär. Çaýly hyzmat etmek türk medeniýetiniň we myhmansöýerliginiň esasy bölegi bolup, gara çaýyň ýany bilen ak gant hem hödür edilýär. Bu ýurtda çaý köplenç içi görünýän, süýnmek aýna stakanda içilýär. Bu ýagdaý çaýyň reňkini synlap, ondan lezzet almaga mümkinçilik berýär.