(Tymsal)
Bir gezek deňiz kenaryndan uçup barýan çaýçaňňalaga uly balygy tutmak başardypdyr. Muny gören ýüzlerçe garga gulagyňy deşip barýan gagyldylary bilen çaýçaňňalagyň yzyndan eňipdir. Çaýçaňňalak haýsy tarapa ýönelse, gargalar hem onuň yzyndan galmandyr.
Ahyrsoňy kowgudan ýaňa ýadan guş penjesini açyp, awuny ýere taşlapdyr. Gargalar derrew onuň yzyndan galyp, ýere gaçan balyga topulypdyrlar.
Çaýçaňňalak kowgudan halas bolup, dynç almak üçin agajyň şahasyna gonupdyr. Ol bu rahatlykdan lezzet alyp, öz ýanyndan şeýle diýipdir: «Bu balyk meniň bar rahatlygymy bozdy. Ony taşladym welin, derrew meni öz erkime goýdular».
Adamlarda hem şeýle ýagdaý duş gelýär. «Balygy» tutup saklaýarkaň, ýagny islegleriň seni gurşap alanda, aladaly we başagaý durmuşda ýaşamaga mejbur bolýarsyň. Haçan-da, adamlar özüni köplenç betbagtlyga alyp barýan isleglerinden el çekende, kalby aram tapyp, bagtly durmuşa gowuşýar.
PDF









