UEFA Çempionlar Ligasynda Žoze Mourinio öňki toparynyň garşysyna geçiren oýnunda ýeňlişe sezewar boldy. Ýagny “Çelsi” öz meýdançasynda “Benfikadan” 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 18-nji minutda Rios Montoýa ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi.

Şeýle netije Stambulda-da hasaba alnyp, “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Liwerpuly” ýeňlişe sezewar etdi. Türk klubuna 3 utuk gazandyran ýeke-täk goly 16-njy minutda penaltiden Wiktor Osimhen geçirdi. Osimhen bu ýaryşdaky 10-njy goluny salyp, ol ýaryşyň iň köp gol geçiren nigeriýaly oýunçysy boldy.