Soňky tapgyrlarda çempionatda yzygiderli ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýän “Çelsi” toparynyň tälimçisi Enzo Mareska wajyp duşuşygyň öňüsyrasynda wezipesinden boşadyldy. Tälimçiniň klubdan iberilmeginiň esasy sebäbi hökmünde taraplaryň özara düşünişip bilmändigi bellenilýär.

45 ýaşyndaky italiýaly hünärmen 2024-nji ýylda toparyň tälimçiligine bellenip, ol kluba UEFA Konferensiýa Ligasynyň hem-de Klublar Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň çempionlygyny gazandyrdy. Ol “Çelsiniň” tälimçisi hökmünde 92 oýnuň 55-sinde ýeňiş gazandy.

Indiki tapgyrda myhmançylykda “Mançester Siti” bilen duşuşjak “Çelsi” topary Mareskanyň ornuna täze tälimçiniň gözlegine başlady. Mareskanyň bolsa indiki tomusda Pep Guardiolanyň ornuna “Mançester Sitiniň” tälimçisi bolmagyna garaşylýar.