Täze ýylyň ilkinji gününde Enzo Mareskany wezipesinden boşadan Angliýanyň “Çelsi” topary täze tälimçisini tapdy. London şäheriniň wekili “Ligue 1”-de “Strasbur” toparyny türgenleşdirýän 41 ýaşyndaky angliýaly Liam Roseniory toparyň tälimçiligine belledi. Ýaş tälimçi “Çelsi” bilen 2032-nji ýylyň tomsuna çenli, ýagny 6 ýyllyk şertnama baglaşdy. Rosenior “Strasbur” toparyndan öň Angliýada “Derbi Kaunti” (2022) hem-de “Hall Siti” (2022-2024) klublaryna-da tälim beripdi. Ol futbolçylyk karýerasy boýunça merkezi goragda oýnap, “Bristol Siti”, “Fulham”, “Reding”, “Ipswiç Tawn”, “Hall Siti”, “Braýton” ýaly klublaryň köýnekçelerini geýdi.
“Strasbur” topary Rosenioryň tälimçiliginde çempionaty 7-nji orunda tamamlap, UEFA Konferensiýa Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.
Rosenior täze klubundaky ilkinji synagyny ertir agşam London derbisinde “Fulhama” garşy geçirer.
PDF









