UEFA Konferensiýa Ligasynyň çempiony, Angliýanyň “Çelsi” kluby düzümine ýaş hüjümçi goşdy. Londonlylar aşaky liga düşen “Ipswiç Tawn” toparynyň 22 ýaşyndaky hüjümçisi Liam Delopy transfer etdi. “Çelsi” topary bu transfer üçin “Ipswiç” toparyna 35 million ýewro tölär. London şäheriniň wekili Delop bilen 6 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Agliýaly oýunçy “Premier Ligada” geçen möwsümde 37 oýunda 12 gol saldy. “Mançester Sitiniň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Delap bilen “Mançester Ýunaýted” hem içgin gyzyklanýardy.