UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary şu gün hem-de ertir geçiriler. Şu gijeki 9 duşuşygyň arasyndan “Çelsi” – “Benfika”, “Galatasaraý” – “Liwerpul” duşuşyklary öňe saýlanýar. “Benfikanyň” täze tälimçisi Žoze Mourinio Çempionlar Ligasyna dolanyp, ilkinji duşuşygyny-da ozal türgenleşdiren klublarynyň birine, “Çelsi” toparynyň garşysyna geçirer.
Kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” topary-da 7 sagada golaý uçarly uçuşdan soň Almaty şäherine geldi we şu agşam taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşa gatnaşýan “Kairat” topary bilen duşuşar.
Çempionlar Ligasynda 2-nji tapgyryň galan 9 duşuşygy ertir geçiriler.
Şu gijeki duşuşyklar:
Atalanta – Klub Brýugge (21:45)
Kairat – Real Madrid (21:45)
Çelsi – Benfika (00:00)
Galatasaraý – Liwerpul (00:00)
Atletiko – Aýntraht (00:00)
Inter – Slawiýa Praga (00:00)
Bude-Glimt – Tottenham (00:00)
Marsel – Aýaks (00:00)
Pafos – Bawariýa (00:00)