Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwalga” ýaryşy “Amerika Açykda” zenanlaryň arasyndaky finalda sanawyň 1-nji belgilisi Aryna Sabalenka amerikaly garşydaşy Amanda Anisimowany 2 setde ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji setde 6:3 üstün çykan belarusly tennisçi 2-nji setde taý-bregiň netijesinde 7:3 öňe saýlanyp, seti 7:6 hasabynda almagy başardy. Şunlukda, “Amerika Açykda” çempionlygyny goran 27 ýaşyndaky Sabalenka karýerasy boýunça 4-nji “Uly tuwalga” kubogyny gazandy. Bu onuň 21-nji WTA çempionlygydyr. Sabalenka Serena Williamsdan soň bu ýaryşda çempionlygyny goran ilkinji tennisçi diýlip hasaba alyndy.

24 ýaşyndaky Amanda Anisimowa bolsa “Uly tuwalgalarda” bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol “Wimbledonyň” finalynda Iga Şwentekden 6:0 hasaplar bilen asgyn gelipdi. Anisimowa “Amerika Açykda” Iga Şwentegi çärýek finalda 6:4, 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edipdi.