Angliýa geljek 10 ýylda çip üpjünçiligini dowam etdirmek üçin bir milliard funt sterling maýa goýum goýberer. Ýurtda Milli ýarymgeçiriji strategiýasynyň çäklerinde çip üpjünçiliginiň iki esse artdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ugurdaky dizaýn we ylmy barlaglar üçin hem maýa goýumlar artdyrylýar.
Ýurtda geljek on ýylda 1 milliard funt sterling möçberinde maýa goýum özleşdiriler. Bu görkezijiniň 200 millioin funt sterlinglik bölegi 2023-2025-nji ýyllar aralygynda özleşdiriler.
Şeýle hem Angliýa ýarymgeçiriji pudagyndaky ylmy barlaglary we üpjünçiligi artdyrmak üçin Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk eder.
Häzirki wagtda dünýäde bir trilliondan gowrak çip öndürilýär. 2030-njy ýyla çenli ýarymgeçiriji bazarynyň 1 trillion dollara ýetmegine garaşylýar. Ýarymgeçirijiler elektron enjamlarynyň ählisinden diýen ýaly ulanylýar.
Jeýhun Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.