Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşdy. Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahata gatnaşýan döwlet we hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet we hususy pudaklaryň, şeýle hem raýatlyk jemgyýetiniň wekilleri, hünärmenler birnäçe günüň dowamynda 2015-nji ýylda geçirilen Pariž ylalaşygynyň we BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň maksatlaryna ýetmek boýunça işleri çaltlandyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Mejlise gatnaşýanlar howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşýarlar hem-de özara hereketleri ylalaşýarlar.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda howanyň üýtgemegi hem-de onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän ýaramaz täsirleri häzirki zamanyň örän möhüm ählumumy meseleleriniň birine öwrüldi.
Biziň ýurdumyz örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk namalary bolan hem-de atmosferada bugly gazlaryň toplanylmagynyň durnuklylaşdyrylmagyna we dünýäniň klimatynyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Kiota teswirnamasyny hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.
Serişde tygşytlaýjy, innowasiýa ugurly “ýaşyl” milli ykdysadyýetiň kemala getirilmeginde senagat pudagynda işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary, howany hapalaýan maddalaryň zyňyndylaryna seljermäniň hem-de gözegçiligiň netijeli ulgamy bug gazlarynyň zyňyndylarynyň çäklendirilmegine gönüden-göni ýardam berer. Şeýle hem döwrüň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.
Bu gün siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäde üns merkezinde saklanýar hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary we Diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli çäreler tutuş dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.
Pariž klimat şertnamasyna gol çekilenden bäri alty ýyl geçen hem bolsa, Ýer togalagyny halas etmegiň zerurlygy baradaky maslahatlar dowam edýär. 31-nji oktýabrda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP26) 26-njy maslahaty öz işine başlady. Çäräni konferensiýanyň başlygy we Beýik Britaniýanyň Ministrler Kabinetiniň agzasy Alok Şarma we konwensiýanyň ýerine ýetiriji sekretary, Meksikanyň öňki daşary işler ministri Patrisiýa Espinosa açdy.
Maslahat 12-nji noýabra çenli dowam edip, oňa gatnaşyjylar Pariž şertnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Ol şu asyrda Ýer togalagynyň ýylylyk derejesiniň ortaça 1,5 gradusdan ýokary bolmaly däldigini göz öňünde tutýar. Maslahata gatnaşyjylar häzirki syýasy çäräniň barha ösýän global ýylylygyň derejesini haýallatmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň biridigini bellediler.
Sammite ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we başga-da dünýäniň 100-den gowrak döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdy. Syýasatçylardan, žurnalistlerden, täjirçilik maksatly bolmadyk guramalaryň we kärhanalaryň wekillerinden ybarat bolan 25 müňden gowrak adam Glazgo şäherinde jemlendiler. Maslahatyň baş maksady Ýer togalagynyň howasynyň 1,5 gradusdan ýokary gyzmagynyň öňüni almakdan ybarat bolup, täze ylalaşyklary gazanmaga ýol açdy.
– Biz asyryň ortalaryna çenli howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine böwet bolmak üçin häzirden öz syýasy erk-isleglerimizi ýüze çykarmaly we dekarbonizasiýa boýunça uzak möhletli borçnamalary kabul etmeli. Şu maksat bilen öňümizdäki ýyllarda howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin anyk borçnamalary öz üstümize almaly. Bu ugurdaky ylym aýdyňlygy bilen tapawutlanyp, munuň gyssaglydygyny bize ýatladýar – diýip, Ýewropa komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen aýtdy.
Çykyş edenler käbir ýurtlarda zawod-kärhanalaryň köpelmegi bilen howa goýberilýän zyýanly gazlaryň derejesiniň ýylsaýyn artýandygyny bellediler.
– Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň öňüni almak meselesiniň ýeňil däldigini bilýäris, şoňa görä, şu mesele bilen baglanyşykly juda çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu ýagdaý 200-e golaý ýurduň alty ýyl bäri çözülmän galan käbir çylşyrymly meseleler boýunça ylalaşyga gelmegine sebäp bolar – diýip, COP 26 maslahatyna ýolbaşçylyk edýän Alok Şarma belledi.
Alok Şarma maslahaty «global temperaturany 1,5 gradusdan geçirmezlik üçin iň soňky umydymyz» diýip atlandyrdy. Alymlar 2015-nji ýylda kabul edilen Pariž klimat şertnamasyny doly berjaý etmegiň mümkinçiliginiň azalýandygyny aýdýarlar. Olaryň bellemegine görä, planeta eýýäm 1,1 gradusdan gowrak gyzdy we häzirki çaklamalar 2100-nji ýyla çenli temperaturanyň 2,7 gradusa çenli ýokarlanjakdygyny görkezýär.
Maslahata gatnaşyjylar Gün we ýel elektrik beketleriniň energiýasy, wodorod ýangyjy we uglerod tutmak ulgamlary ýaly «ýaşyl» taslamalaryň gazylyp alynýan serişdeleriň energiýasyna garanyňda, arzan bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösmegine goşant goşup biljekdigini, emma olary belli bir ýurtda giňden ornaşdyrmak üçin ykdysady syýasatda düýpli üýtgeşmeleriň zerurdygyny bellediler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin umumy hereket ýörelgeleri baradaky halkara şertnamadyr. Bu konwensiýa 1992-nji ýylyň 9-njy maýynda kabul edildi we 1992-nji ýylyň 4-14-nji iýunynda Rio-de-Žaneýroda geçirilen BMG-niň Daşky gurşaw we ösüş konferensiýasynda gol çekilip, 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girdi. Häzirki wagtda 196 ýurt we Ýewropa Bileleşigi konwensiýa gatnaşýarlar.
Mundan ozalky maslahat (COP25) Çiliniň ýolbaşçylygynda we Ispaniýanyň maddy-tehniki goldawy bilen 2019-njy ýylyň 2-13-nji dekabrynda Madridde geçirilipdi.