Pariž klimat şertnamasyna gol çekilenden bäri alty ýyl geçen hem bolsa, Ýer togalagyny halas etmegiň zerurlygy baradaky maslahatlar dowam edýär. 31-nji oktýabrda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP26) 26-njy maslahaty öz işine başlady. Maslahat 12-nji noýabra çenli dowam edip, oňa gatnaşyjylar Pariž şertnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Ol häzirki asyrda Ýer togalagynyň ýylylyk derejesiniň ortaça 2 gradusdan ýokary bolmaly däldigini göz öňünde tutýar. Maslahata gatnaşyjylar häzirki syýasy çäräniň barha ösýän global ýylylygyň derejesini haýallatmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň biridigini bellediler.  Sammite ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we başga-da, dünýäniň 100-den gowrak döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdy. Syýasatçylardan, žurnalistlerden, täjirçilik maksatly bolmadyk guramalaryň we kärhanalaryň wekillerinden ybarat bolan 25 müňden gowrak adam Glazgo şäherinde jemlendiler. Maslahatyň baş maksady Ýer togalagynyň howasynyň 1,5 gradusdan ýokary gyzmagynyň öňüni almakdan ybarat bolup, täze şertnamalara gol çekmäge ýol açdy.

-Biz asyryň ortalaryna çenli howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine böwet bolmak üçin häzirden öz syýasy erk-isleglerimizi ýüze çykarmaly we dekarbonizasiýa boýunça uzak möhletli borçnamalary kabul etmeli. Şu maksat bilen öňümizdäki ýyllarda howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin anyk borçnamalary öz üstümize almaly. Bu ugurdaky ylym aýdyňlygy bilen tapawutlanyp, munuň gyssaglydygyny bize ýatladýar – diýip, Ýewropa komissiýanyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen aýtdy.

Hünärmenler Hytaýda zawod-kärhanalaryň artmagy bilen howa goýberilýän zyýanly gazlaryň derejesiniň ýylsaýyn artýandygyny belleýärler. Hünärmenleriň pikiriçe, Hytaýyň döwlet kärhanalary täze zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolup, planetanyň geljegi olara baglydyr.

-Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň öňüni almak meselesiniň ýeňil däldigini bilýäris, şoňa görä, şu mesele bilen baglanyşykly juda çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu ýagdaý 200-e golaý ýurdy alty ýyl bäri çözülmän galan käbir çylşyrymly meseleler boýunça ylalaşyga gelmäge sebäp bolar – diýip, COP 26 maslahatyna ýolbaşçylyk edýän Alok Şarma belledi.

Maslahata gatnaşyjylar Gün we ýel elektrik beketleriniň energiýasy, wodorod ýangyjy we uglerod tutmak ulgamlary ýaly “ýaşyl” taslamalar gazylyp alynýan serişdeleriň energiýasyna garanyňda, arzan bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösmegine goşant goşup biljekdigini, emma olary belli bir ýurtda giňden ornaşdyrmak üçin ykdysady syýasatda düýpli üýtgeşmeler zerurdygyny bellediler.