Şu ýylyň 10-21-nji noýabr aralygynda Braziliýada guralmagy meýilleşdirilýän COP30 maslahaty ösýän ýurtlar tarapyndan howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek meselelerine bagyşlanar. Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň COP30 maslahaty Amazon sebitindäki Belem şäherinde geçiriler.
COP30 maslahatynyň başlygy wezipesine bellenen Andre Korrera do Lagonyň halkara habar beriş serişdelerine bilen söhbetdeşliginde ösen ýurtlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmäge maliýe gatançlaryny azaltmak isleýändiklerini, munuň bolsa, dürs däldigini belledi. Korrera do Lago sözüniň dowamynda öňde boljak COP30 maslahatynda geçiriljek gepleşikleriň ýeňil bolmajakdygyny belledi.
COP30 maslahatynyň başlygy ykdysadyýeti ösüp barýan ýurtlaryň eýýäm öz býujetleriniň hasabyna howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin çäreleri görýändigini, Braziliýanyň tokaýlaryň ýok edilmeginiň öňüni almak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandygyny we Hytaýyň arassa energiýa tehnologiýalaryna ummasyz maýa serişdelerini goýbermäge taýýardygyny belledi.
Geçen ýylyň ahyrynda Azerbaýjanda geçirilen COP29 maslahatynda ösen ýurtlaryň 2035-nji ýyla çenli ösýän ýurtlary goldamak üçin ýylda 300 milliard dollar wada bermegi bilen tamamlandy.