Halkara täzelenýän energiýa agentliginiň (IRENA) maglumatlaryna görä, geçen ýyl energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden alynýan möçberi 295 GW artypdyr. Bu bolsa 9,6 göterim diýmegi aňladýar. Bu möçberiň 141 GW böleginiň Hytaýa degişlidigi mälim edildi. IRENA-nyň baş direktory Françesko La Kamera dünýäde energiýany arassa çeşmelerden alýan desgalaryň önümçilik kuwwatynyň 3 müň 372 GW-a ýetendigini mälim etdi. Mundan ozal agentlik geçen ýyl energiýa netijeliligini hem öz içine alýan täzelenýän energiýa geçiş tehnologiýasyna goýberilen maýa goýumyň 1,3 trillion dollara ýetip, 2021-nji ýyldakydan 19 göterim artandygyny mälim edipdi. Bu ugurdaky maýa goýum ozalky ýyllarda bolşy ýaly Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde has köp bolupdyr.
Şemşat AGANIÝAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









