Italiýaly futbolçy Kristian Dalle Mura täsin statistikany başdan geçirýär. 23 ýaşyndaky merkezi goragçynyň oýnan kluby aşaky liga, has takygy, Italiýanyň 3-nji ligasyna (“Serie C”) düşýär. Bu statistika eýýäm bassyr 4-nji möwsüm gaýtalanýar.

Karýerasyna 2020-nji ýylda “Serie A”-da “Fiorentinada” başlan Dalle Mura florensiýalylaryň düzüminde bary-ýogy ýekeje duşuşyk geçirýär. “Fiorentina” topary ony başga klublara kärendesine ugradýar.

Ol 2021-nji ýylyň ýanwarynda şol wagtlar “Serie B”-de çykyş edýän “Rejjina” toparyna ýollanylýar. Täze möwsümde ýene-de “Serie B”-niň “Kremonese” toparyna ugradylan Dalle Mura bu klubda 1 duşuşyk hem geçirmän gyşda yzyna gaýdýar. “Fiorentina” topary ony möwsümiň ahyryna çenli “Serie B”-niň başga bir kluby “Pordenone” toparyna kärendesine berýär. Ol bu klubda 17 oýunda çykyş edýär. Ýöne klub 20-nji orny eýeläp, aşaky liga “Serie C” düşýär.

Dalle Mura 2022-nji ýylyň tomsunda “Serie B”-de çykyş edýän SPAL toparynyň wagtlaýynça oýunçysy bolýar. Ýagny “Fiorentina” ony ýene-de kärendesine berýär. SPAL-da 27 duşuşykda meýdança çykýar. Möwsümi 19-njy orunda tamamlan SPAL hem 3-nji liga düşýär.

Ýaş oýunçy möwsümiň ahyrynda “Fiorentina” dolanýar. Ol ýarym möwsüm bu klubuň düzüminde galsa-da, 1 oýunda-da meýdança çykmak mümkinçiligini alyp bilmeýär. 2024-nji ýylyň ýanwarynda klubuň ýolbaşçylary ony ýene-de has kämilleşmegi üçin kärendä ugradýarlar. Bu gezek hem “Serie B” ugradylan ýaş goragçy “Ternana” kluby bilen möwsümiň ahyryna çenli ylalaşyk gazanýar. “Ternana” toparynda 14 duşuşyk geçirýär. Mundan öňki möwsümi 14-nji orunda tamamlan “Ternana” bu möwsümde 16-njy orny eýeleýär. Pleý-off tapgyrynda-da utulyp, aşaky liga düşmeli bolýar.

Futbolçy bu gezek “Fiorentina” dolanmaýar. Klub ony “Serie B”-niň başga bir topary “Kosenza” toparyna ymykly ugradýar. Ýagny “Kosenza” topary ony transfer edýär. Kalabriýalylar bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşan Dalle Mura täze toparynda 23 gezek meýdança çykýar. “Kosenza” topary “Serie B”-ni 20-nji orunda tamamlaýar we 6 möwsümden soň “Serie C”, 3-nji liga düşýär.

Italiýanyň dürli ýaşlardaky ýygyndy toparlarynda-da ençeme duşuşyk geçiren ýaş futbolçy häzirlikçe “Kosenza” toparynda karýerasyny dowam etdirer. “Kosenza” toparynyň täze möwsümde nähili netije görkezjekdigi bolsa, eýýämden janköýerleri içgin gyzyklandyrýar.