Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen ýurtda 24-nji martda möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini mälim etdi.
Saýlawçylar Daniýanyň parlamenti bolan Folketingde kimleriň oturjakdygyny kesgitlärler. 179 orundan köpüsi 175-si Daniýanyň okruglaryna wekilçilik edýän deputatlar üçin bellenendir. Galan dört mandat Daniýa Patyşalygynyň iki awtonom territoriýasynyň – Grenlandiýanyň we Farer adalarynyň kanunçylarynyň arasynda paýlanýar.
“Indi Daniýanyň indiki dört ýylda haýsy ugurda hereket etjekdigini siz, saýlawçylar, çözmeli. Men muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Mette Frederiksen 26-njy fewralda aýtdy.
Umumy saýlawlar Daniýada azyndan dört ýylda bir gezek geçirilmelidir, ýöne häzirki Premýer-ministr olary islän wagty belläp bilýär. Ýurtda iň soňky saýlaw 2022-nji ýylyň noýabrynda geçirilipdi, netijede çepçiler bilen sagçylaryň arasyndaky düşünişmezligi ýeňip geçen üç partiýaly koalisiýa döredilipdi.
Çepçi-merkezçi sosial-demokrat Mette Frederiksen 2019-njy ýylyň ortalaryndan bäri ýurda ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda hökümetiň düzümine häzirki goranmak ministri Troels Lund Pulseniň ýolbaşçylygyndaky Liberal partiýa we Daşary işler ministri Lars Lökke Rasmusseniň ýolbaşçylygyndaky merkezçi “Umerennyýe” (Mötiýeller) partiýasy girýär.