Adam te­bi­gat­da ra­hat­lyk tap­ýar. Te­bi­ga­ta çy­ka­nyň­da dün­ýäň gi­ňe­ýär, ru­huň gö­te­ril­ýär. Adam te­bi­gat­dan üz­ňe ýa­şap bil­me­ýär. Em­ma hä­zir­ki şert­ler­de gün­de­lik hy­syr­dy­la­ry, iş-ala­da­la­ry se­bäp­li köp adam wag­ty­ny öý­le­rin­de we iş ýer­le­rin­de ge­çir­me­li bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da te­bi­gat­dan daş­laş­mak is­le­me­ýän adam­lar ak­wa­ri­um­da ba­lyk­dyr beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­na ýa-da ka­pa­sa­da guş­la­ra, gül­dan­da dür­li ösüm­lik­le­re ideg et­me­gi ha­la­ýar­lar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, ösüm­lik­le­riň baş­ga­ça gör­nü­şi bo­lan ter­ra­ri­um­lar hem peý­da bo­lup baş­la­dy. Ki­çi­jik ösüm­lik­le­riň ekoul­ga­my bo­lan ter­ra­ri­um­lar öý we iş ýer­le­ri üçin tä­sin be­zeg ha­sap­lan­ýar. Bu ki­çi­jik ýy­la­dyş­ha­na­la­ry öz­baş­dak hem ýa­sap bol­ýar. Ge­rek­li zat­la­ry ýyg­nap, öz is­le­gi­ňi­ze gö­rä, ki­çi­jik ýer­de tä­sin te­bi­ga­ty eme­le ge­ti­rip bi­ler­si­ňiz.
Ter­ra­ri­um­lar ösüm­lik­ler üçin ýa­pyk gur­şaw dö­red­ýän ki­çi ýy­la­dyş­ha­na­lar­dyr. Oňa «ösüm­lik ak­wa­riu­my» di­ýil­se hem ýal­ňyş bol­maz. Ter­ra­ri­um­lar­da, esa­san hem, örän ow­nuk ösüm­lik­ler ös­dü­ril­ýär. Şol se­bäp­li ter­ra­riu­ma ekil­jek ösüm­lik­ler dog­ry saý­la­nyp alyn­ma­ly. Ter­ra­ri­um­da kak­tus, suk­ku­lent, pa­po­rot­nik, klu­bok, fi­al­ka, fi­to­ni­ýa, ýa­pon sa­ýa­wa­ny, se­la­gi­nel­la, pi­le­ýa we pe­pe­ro­mi­ýa ýa­ly ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip bol­ýar. Şeý­le ösüm­lik­le­ri gül dü­kan­la­ryn­dan sa­tyn alyp bi­ler­si­ňiz. Ter­ra­riu­my ýa­sa­mak üçin aý­na gap, is­le­ge gö­rä ösüm­lik, daş, çüý­rünt­gi, kö­mür, su­war­mak üçin ujy pür­küç­li gap we be­zeg es­bap­la­ry ge­rek bol­ýar. Is­len­dik aý­na ga­by ter­ra­ri­um üçin peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz.

Ter­ra­ri­um taý­ýar­lamak üçin nämeler etmeli?
Il­ki bi­len aý­na ga­by ma­za­ly ýuw­ma­ly we do­ly gu­rat­ma­ly. Do­ly gu­ran ga­byň düý­bü­ne ça­gyl dü­şe­me­li. Daş­lar ýe­re ýyg­na­nan su­wy çe­kip, ösüm­lik­le­riň kök­le­ri­niň çüý­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Daş­la­ryň üs­tü­ne ow­nuk bö­lek­le­re bö­lü­nen kö­m­ri sep­me­li. Bu önüm gap­da eme­le ge­lip bil­jek bak­te­ri­ýa­la­ryň we dür­li mör-mö­jek­le­riň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Kö­mür­den soň, top­ra­ga torf diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan top­ra­gy goş­ma­ly we üs­tün­den ça­la­ja ba­syş­dyr­ma­ly. Soň­ra her bir ösüm­lik üçin çu­kur­jyk ga­zyp, ola­ry oturt­ma­ly. Otur­dy­lan ösüm­li­giň kö­ki köm­re deg­me­li däl. Soň­ra pür­kü­ji bi­len suw sep­me­li. Ter­ra­riu­my­ňy­zy ba­lyk­gu­lak, daş­ja­gaz­lar we beý­le­ki zat­lar bi­len be­zäp bi­ler­si­ňiz.
Adat­ça bu ösüm­lik­ler Gün şöh­le­si­ni ha­la­ma­ýarlar. Şol se­bäp­li ola­ry ýag­ty ýer­de sak­la­mak ýe­ter­lik­dir. Bu ösüm­lik­le­ri köp su­war­mak hök­man däl. Se­bä­bi ola­ra Gün düş­män­soň, şeý­le hem ýa­pyk gur­şaw­ly bo­lan­soň, top­ra­gyň çyg­ly­ly­gy­ny uzak wagt sak­la­ýar. Kak­tus­la­ry aý­da bir ge­zek, beý­le­ki ösüm­lik­le­ri hem hep­de­de bir ge­zek su­war­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Eger-de ga­byň içi bu­gar­ýan bol­sa, oňa köp suw ber­len­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şeý­le ýag­daý­da su­wa­ryş ýy­gy­ly­gy­ny ýa-da muk­da­ry­ny azalt­ma­ly. Ter­ra­ri­um­la­ryň top­ra­gy­ny bir ýa­rym iki ýyl­lap ula­nyp bol­ýar. Top­rak­da dür­li ösüm­lik­ler we ha­şal ot­lar peý­da bo­lan ýag­da­ýyn­da ola­ry aras­sa­lap dur­ma­ly.