24-nji iýunda Türkmenistanyň DARYA Milli Utgaşdyryjy Komitetiniň onlaýn ýygnagy geçirildi. Çäräni Ýewropa Okuw Gaznasy (ETF) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we milli hem-de halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurady.
Duşuşyk DARYA taslamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli üstünlikler, häzirki kynçylyklar we geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. DARYA – Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin maksatnamasy bolup, Merkezi Aziýada ýaşlaryň iş bazaryna gönükdirilen, durnukly ukyplarynyň ösdürilmegine goldaw berýär.
Çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri, ETF-niň bilermenleri we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdy.
Sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mehanizmler we çäreler, ýol kartasynyň konsepsiýasy we meýilleşdirilen çäreleriň tanyşdyrylmagy, sebitleýin hereketleriň utgaşdyrylmagyna ýardam berýän gural serişdeleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýygnagyň ahyrynda ETF-niň wekilleri ähli gatnaşyjylara işjeň gatnaşandyklary we netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň DARYA taslamasynyň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.